Türkmen geologlarynyň oňyn netijeleri

2 Awgust 2021
2342

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň çäginde geologik-geofiziki usullar bilen ýer jümmüşini öwrenmek boýunça toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýan we tebigy baýlyklaryň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirýän geologiýa-gözleg ugry boýunça döwlet guramasydyr. Bu gurama, şol sanda Türkmenistanyň geologik gurluşy we onuň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary ýygnaýar hem-de saklaýar. Türkmenistanyň ähli çäginde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerini hasaba alýar we bitewi hasabatyny ýöredýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda korporasiýanyň geologlary tarapyndan Türkmenistanyň ýerasty gurluşyny, baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Güller ORAZOWA,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygy, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar