Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen belent sepgitler biziň her birimizi guwandyrýar. Medeniýetiň ojagy hasaplanylýan kitaphanalarda hem döwrüň talabyna laýyklykda uly işler alnyp barylýar. Milletiň ruhy derejesini kämilleşdirmäge uly itergi berýän kitaba we neşir önümlerine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe kitaphanalar bina edilip, köpüsiniň bolsa durky täzelendi. Şol kitaphanalaryň gory artdyrylyp, hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.