Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň sarsmaz binýadyny gurmak, ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly derwaýys işleriň her bir maşgaladan başlamalydygy baradaky nesihatlary, maslahatlary esasynda bu babatda uly işler alnyp barylýar.
Türkmenlerde maşgala ähli döwürde hem erkek kişi ýolbaşçylyk edipdir. Bütin maşgalanyň jogapkärçiligi onuň üstüne ýüklenipdir. Könelerimiz öý bikesiniň maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini beýgeltmekde, agzybirligini berkitmekde bitirýän işlerine mynasyp baha beripdirler. Şeýle garaýşyň durmuşylygyny ata-babalarymyzyň döreden «Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär», «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda» ýaly pähimli jümleleri tassyklaýar. Maşgala agzybirliginiň binýadynyň esasyny zenan maşgala tutýar.