Maşgala edebi hazynadyr

25 Iýul 2021
2494

Uzak ýaşan eneler bilen söhbetdeşlikde olar maşgala binýadynyň berkligine zähmetiň ýetirýän oňyn täsirini belleýärler. Maşgalada bu iş meniňki, bu iş onuňky diýen düşünjeleriň aradan aýrylmalydygyny tekrarlaýarlar. Şu ýerde, eger maşgala agzalarynyň biri uzak ýoldan, ýa işden aryp gelende, öýde galanlaryň oňa üns-alada bilen bakmaklarynyň zerurdygyny hem bellesek artykmaçlyk etmese gerek. Çünki ýadap gelen öz hossarlarynyň hemaýatyny, goltgusyny duýan halatynda agzybirlik hasam jebisleşýändir. Ýoldan aryp gelene yssy günlerde suw hödürlemek, sowuk pasylda gyzgyn çaý bilen hezzetlemek uly zähmeti talap etmeýänem bolsa, ol eýýäm ýürekleriň ýylysyny artdyrýar, özüňe berilýän ünsi duýmak mähirli gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. Islendik maşgalanyň işiginden ätläniňde şol öýüň tertip-düzgüni, girim-çykymy isleseň-islemeseň ünsüňdedir, Maşgalanyň ogul-gyzlarynyň, gelinleriniň özüni alyp barşyndan bularyň nähili edep-terbiýe bilen gurşalandygy mese-mälim duýulýandyr. Köki kemis daragt hiç haçan gök öwüsmeýär, miwesi datly bolmaýar. Wagtly-wagtynda agdarylyp, zerur bolanda suw tutulyp, söýgi bilen gurşalan toprakdan bol hasyl alarsyň. Wagtyny bilip gyrkylyp, timarlanyp, suwy ýetirilýän daragt göze gelüwlidir. Edil şonuň ýaly, nesil terbiýesinde-de ata-ene çaganyň damar-ganyna päklik, ýagşy niýetlilik, süýjüden-süýji arzuwlar gatmagy başaran bolsa, şol maşgaladan edepli perzende garaşsa bolar.

Ir zamanlarda oba-kentde sylanýan maşgala myhman bolan kişi juda synçy eken. Ol öýüň ýaşulusy bilen gümür-ýamyr edip oturyşyna bu ojakdan örýänleriň hereketlerini hem ünsden sypdyrmandyr. Myhman ahyry öýüň gündelik hysyrdylary bilen girip-çykyp ýören maşgala agzalaryny ümläp;

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar