Ösümlik dünýäsi ýaşaýşyň gözbaşy

29 Iýul 2021
1783

Adamzadyň ýaşaýşyny ösümliksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Ösümlik dünýäsi ýaşaýşymyzy özüniň ajaýyp gözelligi bilen bezeýär. Dürli ösümlikleriň ýapragynyň, gülüniň we miwesiniň täsin reňki, ysy diňe adamzady däl, eýsem, haýwanat dünýäsini hem özüne imrikdirýär.

Ýer togalagynda «ýaşaýyş» diýen düşünjäniň emele gelmeginde ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Adamzat ýaşaýşynyň dowamynda ekerançylygyň döremegi, ýagny ýabany ösümlikleriň müňýyllyklaryň dowamynda medenileşdirilmegi ösümlik dünýäsiniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ösümlikleriň tebigatda iýmit zynjyryny döretmekde, howanyň arassa bolmagynda, ýakymsyz sesleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, daşky giňişlikde kislorod bilen kömürturşy gazynyň deňagramlylygynyň saklanmagynda orny uludyr. Olar beýleki janly bedenlere mahsus bolmadyk täsin hadysany, ýagny fotosintezi amala aşyrýar. Beýik rus alymy, fiziolog K.A.Timirýazow fotosintezi öwrenmek bilen «Fotosintez — biosferada Günüň energiýasyny toplaýan ýeke-täk ajaýyp hadysa» diýip belleýär. Bu hadysanyň kömegi bilen tebigatymyzda ähli janly bedenler üçin gerek bolan organiki madda (iýmit) toplanýar. Toprakda bitýän ösümlikler fotosintez hadysasynyň netijesinde bir ýylyň dowamynda 100-172 milliard tonna, suwda bitýän ösümlikler bolsa 60-70 milliard tonna ýaşyl bölegi (biomassany) emele getirýärler. Häzirki döwürde Ýer ýüzündäki ähli ösümlikleriň umumy agramy 2402,7 milliard tonna barabardyr. Şonuň 90 göterimi bolsa ösümlikleriň organiki maddasyna degişlidir. Ýerde ýaşaýan haýwanlaryň mikrobedenjikleriň agramy 23 milliard tonna bolup, ol ösümlikleriň agramynyň bary-ýogy 1 göterimini tutýar. Ösümlikleriň şol döredýän organiki maddalary adamzadyň ýaşaýyş çeşmesi we haýwanlaryň iýmit gory bolup hyzmat edýär.

Çarygeldi BABANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar