Köpetdag kyssalary

29 Iýul 2021
1636

Sowuk suwly, ter öleňli

Garagum sährasynda ýigrimi müňden gowrak guýy bar diýýärler. Köpetdagda näçe çeşme barkan? Öz-ä köpdür. Olaryň sanyny ýöredýän bardyram öýdemok. Gumda diriligiň gözbaşy bolan suwy almak üçin azap etmeli, ýyldyz boýly guýulary gazmaly, dagda welin, beýle däl — çeşmeler minnetsiz akýar. Dogry, iki-ýeke guýularam bar, ýöne olaryň sany az-da. Ýyl ygally gelse-hä, her dereden suw şaglap akyberýär, şeýle bolanda täze çeşmelerem döräberýär, öňden belli bolanlarynyňam suwy mese-mälim köpelýär.

Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar