Bir şahasynda ýazlyk, beýlekisinde güýzlük
Bir agaç bir ýylda iki gezek hasyl berip bilermi? Berip bilýär. Şeýle agaç biziň garry öýümizde bar. Ol armyt agajy, ondan ýazda ýazlyk armyt, güýzde güýzlük armyt alynýar. Olary wagtynda kakam sapyp gidipdir. Agam indi olary özüçe — ýazlygyny “lampowoý armyt” — lampa şekilli armyt, güýzlügini bolsa “gaty baldak” diýip, sapylanda çybyklary beren adamlaryň diline hem lakamyna görä atlandyrýar. “Lampowoýyň” çybygynyň — bizem armytlaryň bu görnüşleriniň şeýle atlandyrylmagyna indi öwrenişip gidipdiris — etrap merkezinde ýaşaýan bir rus adamy beripdir, “gaty baldagyň” çybygyny bolsa kakam goňşy obadan Gaty lakamly birinden alypdyr. Getiribem, ýerli armyt agajynyň gerekmez şahalaryny aýryp, iki sanysyny goýupdyr we hersine bir çybygy sapypdyr. Çybyklar ýagşy tutupdyr. Şondan bäri howlymyzdaky şol agaç ýylda iki gezek hasyla durýar, hasyly ýaramaz hem bolanok.