Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

26 Iýul 2021
2207

Ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitleriniň nebitgazly känlerinde gazuw işleri tamamlanyp, senagat taýdan ulanyşa girizilen guýular, esasan, köp gatlardan düzülen gatlaklardan ybarat bolup, olaryň arasy birnäçe nebit doýgunly geçirmeýän toýunsow jynslar bilen beklenilen. Bu känleriň gatlaklarynyň meýdany we galyňlygy birmeňzeş däldigi bilen tapawutlanyp, hersiniň öz aýratynlygy bolýar we olaryň ulanylyşy aşakdan ýokarlygyna alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde her bir ulanyş obýektleriň çäklerinde önümlilik koeffisiýentleriniň hem köp derejede üýtgeýänligi gatlaklardan guýulara gelýän suwuklyk (nebit, suw) akymynyň dürli-dürlüligi bilen häsiýetlendirilýär.

Toplanan önümçilik tejribesinden belli bolşy ýaly, gatlaklaryň hemmesiniň birmeňzeş basyşlary bolan ýagdaýynda aýry-aýry gatlaklaryň endigan işlenip geçilmegine päsgelçilik döredýär. Şeýle ýagdaý bolanda köp gatlakly känleriň işlenip geçilýän ulgamynyň kämilleşdirilmegi we sazlanylmagy talap edilýär. Şol sebäpli aýry-aýry gatlaklary bir wagtda ýa-da olary aýratynlykda ulanmak tehnologiýasyna bil baglanylýar. Bu tehnologiýa amala aşyrylanda, hemme önümli gatlaklary işe girizmek üçin olar ýörite üst we guýy içi enjamlar bilen üpjün edilip, bir wagtyň özünde her gatlakdan aýratyn tehnologik düzgün boýunça nebit çykarmaklyga esaslanylýar. Çünki enjamlaryň dogry we doly saýlanyp alynmagy bir wagtda iki gatlakdan bir liftiň (göteriji turbanyň) üsti bilen ynamly nebit çykarmagy üpjün edýär, ýagny her gatlagyň garşysyndaky liftde birnäçe deşikler bolup, şolardan geçýän nebit akymy ýokary akdyrylýar. Şeýle usul bilen nebitiň çykarylmagy enjamlaryň tehniki ýagdaýlaryna, ulanyş şertlerine bagly bolmak bilen, tehniki-ykdysady seljerilme esasynda geçirilýär.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar