Kerkaw agajy

24 Iýul 2021
2934

Köýtendagyň diýseň baý we täsin tebigaty bar. Bu ýerde ýokary derejeli ösümlikleriň 1000-e golaýy anyklanandyr. Şolardan 10 görnüşi seýrek duş gelýändigi sebäpli Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. 37 görnüşi bolsa endemikdir, ýagny diňe Köýtendaga mahsusdyr. Köýtendagda dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Dagyň 30 müň gektara golaý tokaýly ýerleri bolup, 11 müň gektary Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär we aýratyn şertlerde goralýar. Köýtendagyň tokaýynyň esasyny düzüji zerewşan arçasy bolup, onuň bilen birlikde köp duş gelýän agaçlaryň biri-de kerkawdyr.

Kerkaw agajy Türkmenistanda, esasan, Köpetdagda we Köýtendagda duş gelýär. Köpetdagda türkmen kerkawy ösýär, Köýtendaga bolsa sütükli kerkaw mahsusdyr. Sütükli kerkaw agajy Köýtendagyň eňňitlerinde deňiz derejesinden 1000 — 2800 metr belentlikde duş gelýär. Onuň boýy 5 metre çenli bolup, köplenç, gür görnüşde, 3 — 10 düýp bolup ösýär. Agajyň gabygy we şahalary boz reňkli, ýaş şahajygy bolsa goňur reňkde bolýar. Onuň gazyň aýak yzlary ýaly ýapragy, ýylmanak şahalary örän arassadyr. Ýapragy dykyz, ýokarky ýüzi goýy ýaşyl, aşagy açyk ýaşyl reňklidir. Kerkaw agajy doly ýapraklandan soň, mart aýynda gülleýär, çogdumy örtük görnüşli ownuk sarymtyl güli bar. Kerkaw bally ösümlikleriň hataryna girýär. Miwesi iki ganatly, ganaty göni burçly, awgust-sentýabr aýlarynda ýetişýär. Ýaşajyk miwesiniň (il arasynda oňa köplenç «tohum» hem diýilýär) ganatjagazy açyk gyzyl bolup, hasylyň ýetişmegi bilen saralyp başlaýar. Tohumy şelpejikleriň içinde ýerleşip, güýzüň ahyrlarynda agajyň üstünde guraýar, doly ýetişen tohumlar şemalyň ugruna töwerege ýaýraýar. Yzgarly ýere düşen tohum ýeterlik yzgar we ýylylyk bolanda, bahar aýlarynda gögerip çykýar we kerkaw nahalyny emele getirýär.

Mohira HOJAMBERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar