Ugur ― kämillige tarap

23 Iýul 2021
2239

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, gazanylýan üstünlikleriň, ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň geljegini kepillendirýän ynsanperwer konstitusion gurluşy döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de beýik başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr.

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Olaryň baş maksady Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden, innowasion tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakdan, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny 2020—2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynda bu ugry döwür bilen aýakdaş ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň uly toplumy göz öňünde tutulýar. Ol ylmyň dürli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizde ýokary netijeliligiň gazanylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin utgaşykly sanly tehnologiýalary ýola goýmak ýaly derwaýys wezipeleri öz içine alýar. Biziň institutymyzda geljekde şu wezipeleri durmuşa geçirjek hünärmenler taýýarlanylýar. Olar diňe bir okatmagyň usullaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, täze tehnologiýalardan peýdalanmagy hem öwrenýärler. Bu bolsa bu günki talyplaryň ýakyn wagtdan döwrüň talaplaryny ödeýän hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine güwä geçýär.

Dünýägözel ESENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar