Gaplaňgyr — täsinlikler mekany

22 Iýul 2021
1795

Garaşsyz Diýarymyz gözel künjeklere baýdyr. Gymmatly baýlyk bolan ol gözelliklere söýgi bilen garamak, gözümiziň göreji deýin goramak her birimiziň borjumyzdyr. Daşoguz topragynda-da şeýle gözel künjekler kän. Olaryň tebigy gözellikleri, täsin haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Tebigy baýlyklarymyzyň goraglylygyna gönükdirilip, 1979-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň çäginde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň çägindäki depe-düzlerde, aňňat-aňňat belentliklerde, jeňňelliklerde, baýyrlyklardyr suw giňişliklerinde seýrek hasaplanylýan jandarlardyr guşlaryň ençeme görnüşi gabat gelýär. Meýdany 282, 2 müň gektara barabar bolan goraghananyň çäginde döredilen Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary hem aýratyn özüneçekiji gözelligi bilen tapawutlanýar.

Her ýeriniň adynyň döreýşiniň özboluşly taryhy bolýar. Käte bolsa ol haýsydyr bir waka, hadysa bilen-de baglanyşýar. Gaplaňgyryň adynyň ýyrtyjy jandar bilen baglydygyny-ha tekrarlap oturasy iş ýok. Aýtmaklaryna görä, goraghananyň çäginde ýerleşýän gyr ir döwürler gum gaplaňynyň mekany bolupdyr. Şonuň üçinem ol gyra «Gaplaň gyr» diýip at beripdirler.

Merdan ARAZMEDOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar