Atmosfera howasynyň milli we halkara hukuk goragy

22 Iýul 2021
1644

Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgemegi, ony gözegçilik astyna alyp bolmaýanlygy, zyýanly täsiriniň netijesinden janly bedenleriň we adamyň ýaşaýşyna salýan howpundan goramak boýunça aýgytlaýjy çäreleriň, şeýle-de olardan peýdalanmagyň, goramagyň milli we halkara hukuk düzgünleşdirmesiniň alnyp barylmagyny talap edýär. Atmosferanyň goragy daşky tebigy gurşawy halkara-hukuk taýdan goramagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu gorag toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol dünýä derejesindäki beýleki ekologik meseleleriň hem çözülmegini öz içine alýar. Olaryň hatarynda: howanyň üýtgemegi (ählumumy howanyň maýlamasy ýa-da ýyladyşhana täsiri), Ýeriň ozon gatlagynyň goragy, fotohimiki tüsse, aşgarly ýagyşlar, howanyň himiki, biologiki, bakteriologiki we radiasiýaly hapalardan goralmagyny bellemek bolar.

Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, täzeden dikeltmek, biologik köpdürlüligi saklamak, ekologiýany sagdynlaşdyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Atmosfera howasyny goramak we tebigatymyzyň klimatiki ýagdaýyndan çen tutmak bilen, häzirki wagtda ösümlikleriň bezeg, derman, ýerli howa şertlerine çydamly, görnüşleriniň dürlüligini baýlaşdyrmak maksady bilen, gyrymsy agaçlaryň, gülleriň ekilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli dowam etdirilýär.

Merjen BORJAKOWA
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar