Köýtendag diňe bir tebigy baýlyklaryň däl, eýsem, gözellikleriň, täsinlikleriň hem mekanydyr. Şol sebäpli ol her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda bu behişdi mekanyň gaýtalanmajak tebigatyny goramak we ylmy taýdan öwrenmek bilen baglanyşykly işler netijeli alnyp barylýar. Bular hakynda goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Şaniýaz Meňliýew bilen söhbetdeş bolduk.
— Şaniýaz, ilki bilen Köýtendagyň geografik ýerleşişi we goraghananyň döredilişi hakynda aýdaýsaňyz?!