Sähra göweneginiň göwresi kepderiden kiçi, horazynyň kellesi we guýrugynyň üsti gögümtil, arkasy meneksiz açyk-çypar, guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujy gara zolakly bolup, bedeniniň uzynlygy 27-33 santimetre ýetýär.
Höwürtgeleýän we uçup geçýän guşlaryň hataryna girýän bu guş deňiz derejesinden 2200 metre çenli beýiklikde, käwagt has pesde (500-600 metr), ýagny, düzlüklerde, jarlarda, derýa hanasynyň kertlerinde duş gelýär. Az bölegi ýurdumyzda gyşlaýar. Diýarymyza sähra göwenekleri mart aýynyň aýagyna — apreliň başyna, güýzüne sentýabr-oktýabr aýlarynda uçup geçýärler. Aprel aýynda çölde, dagda we dag eteklerinde, derýalaryň kert kenarynda, gargalaryň köne hinlerinde kiçiräk topar bolup ýa-da aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýärler. 3—5 ýumurtga guzlaýarlar. Mör-möjekler, hažžyklar, maýda gemrijiler bilen iýmitlenýärler.