Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň baýlygy

16 Iýul 2021
3168

Maşgala biziň jemgyýetimiziň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Onuň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine hem täsir edýär. Il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar. Ynsanyň jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden--göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. «Maşgalam — baş galam» diýlip, ýöne ýerden aýdylanok. Her bir maşgala, ilki bilen, ata-enäni sylamagy, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşynyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýmaga çalyşýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämiziň ýazylmadyk kanunydyr. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere görelde bolup duran il sylagly ýaşulularymyz hem şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir. 

Maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, ony gorap saklamak, nesil dowamlylygy, çaganyň terbiýesi — döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her maşgalanyň abatlygy, sagdynlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Asyrlaryň jümmüşinden öz gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny ýitirmän şu günlerimize gelip ýeten edep kadalarymyza, milli gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesligine uly hormat goýulýar. Şol asylly ýörelgelerimizi hem ýaş nesillerimiziň mynasyp dowam etdirmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Sebäbi maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet hem ählitaraplaýyn baý bolýar.

Ilmämmet NOBADOW,
Etrek etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar