Ýaşaýşyň çeşmesi

16 Iýul 2021
2060

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Suwuň her damjasy altyna deňelýär. Ilat arasynda «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen pähim nesilden-nesle geçip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini kadalaşdyrmak we tygşytly ulanmak babatda tutumly başlangyçlary öňe sürýär. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini tygşytly ulanmak we Aral deňziniň sebit ekologiýasyny gowulandyrmak meselesi boýunça birnäçe wezipeleri öňe sürdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň bir bölümçesi «Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi» diýlip atlandyrylýar. Şol bölümçede: «Biz şäherde ýokary derejeli durmuş üpjünçiliginiň ýola goýulmagyny aýratyn gözegçilikde saklaýarys. Şonuň üçin ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk, arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys... Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäher ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek meselesi paýtagtymyzyň inženerçilik-tehniki desgalarynyň gurluşyk taslamalarynda möhüm orun eýeleýär. Agyz suwy üpjünçiliginiň esasy çeşmesi Garagum derýasy hem-de paýtagtymyzyň çägindäki we onuň töweregindäki ýerasty suw gorlary bolup durýar. Suw üpjünçiligini bökdençsiz ýola goýmak üçin, biz paýtagtymyzyň çäginde suw arassalaýjy desgalaryň 4-sini gurduk» diýlip, suw üpjünçiligi, suw gorlary hakynda beýan edilýär.

Uzukjemal PAŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar