Ýakynda welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň, welaýat, şäher we etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda Mary şäher häkimliginiň ýygnaklar zalynda “Tebigatyň sazlaşygy — ekologiýa abadançylygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm başlygy Çarymyrat Hömmekow, welaýat tokaý hojalygynyň baş hünärmeni Oguljennet Öwezgeldiýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa dagynyň çykyşlary maslahata gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Çykyş edenler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň etdiler.
Bu ugurda alnyp barylýan işler halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş--durmuş derejesini we saglygyny ýokarlandyrmaga gönükdirlendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine jemgyýetimiziň ruhy, medeni galkynyşyna giň ýollar açyldy. Bu ugurdaky özgertmeler tebigaty, ilatyň saglygyny, biodürlüligi gorap saklamak, ony geljekki nesillerimize tebigy durkunda we has baýlaşdyryp miras goýmak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini Arkadag Prezidentimiz üns merkezinde saklaýar diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.