«Garagum Ulag» hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň dünýä belli awtoulag öndürijisi «Тоyotа»-nyň «Land Cruiser» modeliniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. «Toyota Land Cruiser 300» atly täze modeliň tanyşdyrylyşy Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda ýerleşýän sergi zalynda geçirildi. Ýokary derejede guralan tanyşdyrylyş dabarasynda «Garagum Ulag» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, ýurdumyzda telekeçileriň zähmet çekmegi üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Dabaranyň ahyrynda ýapon brendiniň soňky ulagy bolan, dünýäde ygtybarlylygy babatda ykrar edilen «Toyota Land Cruiser 300» ulagy köpçülige görkezildi. 2007-nji ýyldan bäri öndürilýän «Toyota Land Cruiser 200» ulagynyň nobatdaky nesli bolan täze ulag daşky dizaýny we içki multimediýa ulgamy bilen tapawutlanýar.
70 ýyllygyna bagyşlanan model