Durnukly ösüşi, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri hem ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini, aňyny, düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň sagdyn ýaşamagyny üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara sazlaşygynyň ruhy tejribesini ösdürmekdir. Bularyň ählisi durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny, adamzadyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini üpjün edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologik bilim ugry boýunça alnyp barylýan işler oňyn görkezijilere eýe bolup, şonuň netijesinde oňa gatnaşýan ilatyň sany artýar. Bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen okuw dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik bilim bermekde dürli ýurtlaryň amala aşyrýan işlerini BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy sazlaşykly ýagdaýda alyp barýar. Gurama ählumumy ekologik bilimi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde we hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan ulgamlarda okuw maksatnamalarynyň merkezinde bolmalydygyny belleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu guramanyň tebigy ylym ugry boýunça alyp barýan işleriniň hataryna «Adam we biosfera» maksatnamasy degişlidir.