Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen, ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyna adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi-de munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu resminamada ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ol tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, çöl ösümliklerini hem-de tokaý zolaklaryny döretmegiň meýilnamasy kesgitlenildi. Mundan başga-da, tokaý zolagy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar.