Nebitgazyň gözleg işlerini ýokarlandyrmagyň ygtybarly usullary

12 Iýul 2021
2258

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şeýle tutumly işler geologiýa-gözleg işlerini alyp barmakda hem aýdyň duýulýar.

Nebitgaz pudagynda geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmagyň esasy maksady nebitli, gazly ýataklary kesgitlemek, olaryň gor mukdaryny anyklamakdyr. Munuň üçin nebitiň, gazyň mukdaryny takyklaýan köp dinamiki usuldan peýdalanylýar. Şeýle usullaryň hatarynda maddy balans we gatlak basyş usullary has tapawutly we netijeli hasaplanylýar. Nebit we gaz känleri üçin olaryň geologiýa we tehnologiýa üýtgeşikligini göz öňünde tutup, her bir käne degişli maddy balans ulgamyny düzmek köp känlerde nebitiň, gazyň mukdaryny anyk takyklamaga mümkinçilik berýär.

Berdimyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar