Gülüni söýen tikeninem söýer

6 Iýul 2021
2366

Müň dürli ösümlikleri her pasla özboluşly bezeg berýän türkmen sährasy öz täsinligi bilen tebigatyň «diline düşünýän» adamlary hemişe haýran galdyrýar. Gül-gülälek açylanda, ol bize ýazy buşlaýar, ýylgyndyr ýandak güllände, sary tomsuň görki gözelleşýär, guşgözüler gyzyl-çog boldumy — türkmen düzüne güýzüň gelendigidir. Ata-babalarymyz bu topragyň ot-çöpüni derde derman saýypdyrlar. Şonuň üçin-de: «Öz ilimiň ýandagyny-çöpüni ýat illeriň güli bilen çalyşman» diýen durnukly söz düzümi halk döredijiliginiň süňňüne siňipdir. Aslynda-da, türkmen halk döredijiligi diňe bir watansöýüjiligiň waspy bolup ýaňlanman, tebigatyň-da tarypy bolup, köňülleri heýjana salýar.

— Ýandaklaryň ähli görnüşleri ösümlikleriň kösükliler maşgalasyna degişli bolup, köki köpýyllyk, ýerüsti ösüntgisi bir ýyllyk, ýarym gyrymsy otjumak ösümlikdir. Görnüşleri boýunça boýy 30 — 50 santimetrden bir metre çenli ösýärler. Ol kökleriniň gapdal golçurlaryndan hem, tohumyndan hem gögerip köpelýär. Ýandagyň iki köki bolup, biri ony gögerdýär, beýlekisi bolsa iýmitlendirýär. Bu ösümligiň köki 25 — 30 metr çuňluga uzap gidip, yzgary sorup alýar we şonuň netijesinde howanyň çyglylygyny artdyrýar. Garagumda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, çuň guýulardan peýdalanyp gelen tejribeli çopanlaryň aýtmaklaryna görä, guýy gazmak, ilki bilen, onuň gazyljak ýerini saýlap almakdan başlanýar. Ýer saýlamakda ata-babalarymyz dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Guýy ussalary ýeriň ýüzünde ösüp oturan ot-çöpleriň görnüşinden ýeriň teýinde neneňsi suwuň bardygyny bilip, şol ýere pil urupdyrlar. Olar ýandagyň bitginli ýerini gazyp, içmäge ýaramly süýji suwy çykarypdyrlar. «Agaç öz kökünden suw içer» diýen pähime uýan ussalar ilki şol ýeriň ýandagynyň ujundan çirtip, çeýnäp görüp, nähili suw alyp boljakdygyny kesgitläpdirler. Ýandaklaryň tagamy ýerasty suwuň tagamyna bagly bolupdyr.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar