Gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri

24 Iýun 2021
1824

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi döwrebap kämilleşdirilip, onuň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmegi netijesinde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri has-da artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy, maýa goýumlary giňeldildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar. «Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.

Şöhrat MÜLKIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar