Nesil terbiýesi mukaddesdir

21 Iýun 2021
1979

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy we gülläp ösmegi, ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has-da ýokarlanmagy üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän halkymyzyň päk zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi barada yzygiderli aladalar edilýär. Munuň üçin ýurdumyzda, ak şäherimiz Aşgabatda köpugurly mümkinçilikler, ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen beýik ösüşlere beslenýän gözel paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Ak mermere beslenen beýik-beýik binaly, gür baglary bolan seýilgähli paýtagtymyz gözelligiň dürdänesine öwrüldi. Onuň edebiýatdaky, sungatdaky waspy has belentdir. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna döredilýän şygyrlar aýdym bolup kalplara dolýar.

Ýaş nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýerine ýetirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär» diýip belleýär.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar