Ýyladyşhanalaryň döreýiş taryhy

20 Iýun 2021
2433

Ýyladyşhanalaryň döreýşi gadymy Rim döwründen başlanýar. Ekiniň üstüni örtmek ýaly ýönekeý usuldan gurluşy çylşyrymly bolan ýyladyşhanalary döretmek boýunça häzirki zaman tehniki işläp taýýarlamalara çenli ýol geçildi. Rimli bagbanlar emeli usul bilen ýylboýy gök ekinleri ýetişdiripdirler. Olar tigirli arabajyklaryň üstünde gök ekin ekip, gündizlerine daşary Güneşe çykaryp, agşamlaryna bolsa ýyly jaýa salypdyrlar.

Wagtyň geçmegi bilen ekinleriň üstüni ýapmak hem-de olary sowukdan goramak usulyny ulanyp başlapdyrlar. Soňra gurluşyny düzýän agaç germewleri, sütünleri, üstüne ýapylan aýnadan ýa-da reňksiz düzümli, dury mineral jisimlerden taýýarlanan ýyladyşhananyň üçekleriniň özi gyzypdyr. Netijede, ýyladyşhananyň içindäki howa gyzypdyr we ekinlere kadaly ösmäge şert döräpdir. Bu ýyladyşhanalarda tropiki ýurtlardan getirilen ekzotik ösümlikler we güller ýetişdirilipdir.

Kyýasmuhammet BERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar