Ylym ähli ösüşiň özenidir

16 Iýun 2021
2216

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçly menziller bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi türkmen ylmynyň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar