Üljäniň peýdasy

16 Iýun 2021
1935

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orunda durýar. Bu miwäniň özi-de, ondan taýýarlanýan önümler-de taýsyz melhemdir. Üljäniň has giňden ýaýran görnüşleri adaty ülje we çereşnýadyr. Bu turşumtyk, süýji tagamly miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganese, kalä, mise, demre, kalsä we ýoda örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragy köp mukdarda askorbin turşusyny saklaýar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär.

Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlary aýyrýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar