Gadamy batly bagtyýar nesiller

14 Iýun 2021
2079

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Geçen hepde ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.

Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýerlerinde okaýan we zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdylar. Şol dabara gatnaşyp, hünär başarnyklaryny kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz açyşlary, täze oýlap tapyşlary bilen goşant goşýan, ylmy işleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Gürrüňdeş bolan Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar