Köýtendagyň ammonitleri

9 Iýun 2021
2739

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapylypdyr. Olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi ylmy taýdan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol haýwanlaryň arasynda balykgulaklaryň, ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülňüleri bar.

Gadymy täsin haýwanlaryň arasynda ýeriň ýüzünden doly ýitip giden kelleaýakly mollýuska-ammonitlerdir.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Lebap welaýatynyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy, mirasgär.
Beýleki habarlar