...Biziň şäherimizde iýeni aýra gitmeýän üç adam bar. Olar aram-aram arkalary goşhaltaly, elleri çaklaňja pilli Balkan dagyna ugraýarlar. Dostlar hem-ä dynç alýarlar, hem-de biedep adamlaryň galdyran hapalaryny ýygnap, gazylan çukurlara gömýärler. Indi, gör, näçe ýyl bäri şeýdip ýörler! Ýogsam bolmanda, muny olardan hiç kim haýyş edenok.
Men üýtgeşik ýürekli adamlary tanaýandygyma begenýän...