Gözel tebigatyň goragynda

4 Iýun 2021
2677

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi gözel tebigaty we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzda milli we ählumumy derejede daşky gurşawy gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda Diýarymyzda dürli görnüşli bag nahallaryny ekmek arkaly ýaşyl baglara beslenen seýilgähler döredilýär, arassa ekoulgam hem-de giň tokaý zolaklary kemala getirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda geçen 2020-nji ýylyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy-da doly subut edýär.

Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar