Nesil saglygy ― milletiň sagdynlygy

31 Maý 2021
1378

Ynsany ynsana, goňşyny goňşa, döwleti döwlete ýakynlaşdyrýan sport parahatçylygyň ilçisi diýlip bireýýam ykrar edilendir. Ýaşlaryň sporty köpçülikleýin saýlap almaklarynyň özi hem guwandyryjy hakykatdyr. Sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem türgenleriň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimizden görelde alýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki, ony kämilleşdirmekdäki şahsy göreldesi ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, gujurly, ruhubelent, päk ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerine itergi berýär.

Biz hem işjeň agzalarymyz hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda ýetginjekleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýakynda şeýle sport ýaryşlarynyň birnäçesini geçirdik. Oňa etrabymyzyň Seýdi, Dänew şäherlerindäki we Garaşsyzlyk şäherçesindäki sport mekdeplerine gatnaýan türgenler gatnaşdylar. Dzýu-do, sambo, agyr atletika, futbol we el pökgüsi boýunça geçirilen bu sport ýaryşlarynda ýaşlar öz aralarynda güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Üstünlikli çykyş eden türgenler etrap geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar. Etrabymyzyň ýaşaýjylary halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlarymyzyň kämil bilim almaklary hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän milli Liderimize öz hoşallyklaryny aýdýarlar.

Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar