Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwrebap özgertmeler ýoluna düşüp, «akylly şäher» konsepsiýasyny durmuşa geçirýär. Öňňin paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabadyň demirgazygynda düýbi tutulan täze döwrebap ýaşaýyş toplumy hem ýurdumyzyň şäher medeniýetiniň täze nusgasyna öwrüler.
Ylmyň we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bütin dünýäde ululy-kiçili şäherleriň ýüzlerçesi tarapyndan durmuşa geçirilýär. «Akylly şäher» düşünjesi dürli çeşmelerde dürlüçe kesgitlenilýär. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginde bu düşünje bilen maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen işi amala aşyrýan şäherler göz öňünde tutulýar. Russiýa Federasiýasynda bolsa bu düşünje arkaly daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleri ornaşdyrýan «innowasion şäherler» aňladylýar.