Eziz Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli gymmatlyklarymyzyň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi geljekki ösüşlerimiziň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy olaryň ýurduň ösüşinde adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri, jemgyýetiň innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.
Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda ýaşlar telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýeleýär. Munuň özi zähmetsöýer telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.