Döwrebap oýlap tapyşlar

12 Maý 2021
2954

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary ýurt maýalaryny işjeň çekýän häzirki zaman kuwwatly himiýa senagaty döredildi. Dünýä hojalygynda ornuny berkidýän bu senagatyň dag magdan baýlaşdyryjy toplumynyň, ýod kärhanalarynyň, karbamid, azot, kaustik soda, sement zawodlarynyň öndürýän önümleri içerki talaplary doly ödäp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Munuň bilen çäklenilmän, bu önümler dünýä bazarlaryna uly möçberde eksport edilýär. Häzirki döwürde kuwwatly ösdürilýän himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalary innowasion tehnologiýalarda, ylmy esasda, milli we dünýä tejribesini utgaşykly ulanmakda döwrebaplaşdyrylýar hem-de dürli minerallardan täze önümler alynýar. Ýokary depginli ösüş, esasan, ylmyň gazananlaryna daýanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 16-njy oktýabrynda kabul eden Karary bilen «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» herekete girizildi. Onuň çäklerinde türkmen alymlary himiýa senagatyny ösdürmek ugrunda täze tehnologiýalary döredýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar. Şu ugurda önjeýli işleýän ýaş alymlaryň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologik taslama we kadalaşdyryjy resminamalar bölüminiň müdiri Esger Annahanowdyr.

Altyngül GARAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar