Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde bu gün ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Ösüş-özgerişliklerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan ata Watanymyz häzirki wagtda syýasy, ylym-bilim babatda öňe gitmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde ösýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.
Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman şäher gurluşyk gurşawyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar kemala gelýär. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hem Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdiginiň subutnamasy bolan toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.