Obamyzda Nurmät mirap diýen, urşa gatnaşan, ýaşy bir asyry alkymlap oturan bir ýaşuly bardy. Käwagtlar onuň ýanyna baryp, şol gowgaly ýyllar baradaky gürrüňlerini diňlärdim. Şol gezegem şeýle boldy. Men hem-ä Nurmät aga bilen salamlaşaýyn, hal-ahwalyny soraýyn, hemem gümür-ýamyr edişeýin diýip, onuňka sowuldym. Barsam Nurmät aga sekide goşa ýassygy tirsekläp, gök çaý içýän eken. Meni görüp ýaşulynyň ýüzi ýagtyldy. Nurmät aga meniň salamymy alyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Menem:
— Gurgunçylyk, Nurmät aga! Özüňiz neneň, saglygyňyz gowumy? — diýip soradym.