Baky juwan gözel mekan

5 Maý 2021
2745

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ak şäherimiziň özgerişleri dünýäniň, döwrüň beýik ösüşleri bilen deň gadam urýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. 

Aşgabat owadan şäher. Şonuň üçinem ak mermerli binalaryň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp paýtagtymyzyň özüne maýyl ediji keşbini synlanyňda ylhamyň joşup, buýsanç kelamy kalbyňa dolýar. Gözelligiň ynsan dünýäsine edýän täsiri juda uly. Hut şonuň üçinem bu nurana şäheri synlamak, oňa guwanmak durşuna lezzet. Owadan köçeleriniň ýanýodalary mydama al-ýaşyl güllere beslenip oturan, täsinlige baý bolan şäher her bir adamyň kalbyna tükeniksiz bagtly pursatlary bagyş edýär. Aýmançalardaky täsin güller, syrdam baglar, köçelerdir şaýollaryň ugruna birenaýy öwüşgin çaýyp duran bezeg agaçlary Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Annagözel ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar