BAGTYÝAR DURMUŞYŇ MÖHÜM ŞERTI

3 Maý 2021
1411

Bedenterbiýe we sport Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri hem munuň aýdyň tassyklanmasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly gymmatly kitaplaryň her birinde hem ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy goramakda sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän ýokarydygy nygtalyp geçilýär.

Müdirligimiziň işgärleriniň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde şular dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak ündelýär. Şol çärelerde edilýän çykyşlaryň özenini döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleriniň düzýändigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Hojamämmet ANNAÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar