Ekologiýa — ýaşaýşyň çeşmesi

30 Aprel 2021
2170

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, adamzadyň ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kesgitlenen anyk wezipelere laýyklykda, abraýly halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge daşary syýasat işinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ol ilkinji nobatda, berk halkara hukugyna esaslanýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde yglan edilen gününden başlap, bu iri gurama tarapyndan dolandyrylýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly halkara hukuk namalarynyň birnäçesine goşuldy. Olaryň arasynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyny, Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýany, BMG-niň Çölleşmä garşy göreş barada konwensiýasyny, Ozon gatlagyny goramak barada Wena konwensiýasyny we onuň Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna, olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek barada Bazel konwensiýasyny, Suw guşlarynyň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler hakynda konwensiýasyny (Ramsar konwensiýasy), Daşky gurşawa dahylly ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligi, kararlaryň kabul edilmek işlerine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem adalatly kazyýetlige elýeterlilik boýunça konwensiýasyny (Orhus konwesiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny görkezmek bolar.

Feride MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
Beýleki habarlar