Jeýhun joşly döwrebap işler

28 Aprel 2021
1948

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy.

Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edara-kärhanalara ýerlemek ýaly işlerden ybarat bolup durýar. Kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilip guralmagy bilen, täze görnüşli işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredi. Bularyň hatarynda derýa ýük we ýolagçy ulaglaryny ulanmak, suw ulaglaryny abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek, ammarlarda ýükleri saklamak, suw desgalaryny gurmak, gämi gurluşygy we beýleki görnüşli işler alnyp barylýar. Kärhana düzümindäki 40-a golaý derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 kilometr hem-de Garagum derýasynyň 200 kilometr töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda Türkmenabat — Kerki, Zähmet — Zeýit aralygynda dürli halk hojalyk ýüklerini daşamak, gum sorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklaryna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar. Halaç etrabynyň «Pelwert», Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiklerini derýanyň üsti bilen birleşdirýän ponton geçelgesi hem bu kärhana tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň biridir. Her ýylda bu geçelgeden ýüz müňlerçe ulag geçirilýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.
Beýleki habarlar