Wepalylygyň we mertligiň nusgasy

28 Aprel 2021
2787

Göreniňden gözüňi dokundyrýan alabaý itini ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «Itim — gutum», «It geldi — gut geldi» diýen halk pähimlerini döredipdirler.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň etegindäki Paryzdepe ýadygärligini arheologiýa we etnografiýa nukdaýnazardan ylmy esasda çuňňur öwrenmäge badalga berdi. Bu ýadygärlikde arheolog alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň dowamynda türkmen alabaý itiniň orta asyrlara mahsus bolan, toýundan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Gymmatly tapyndynyň etnografiýa jähetden öwrenilmegi şol wagtlar Günorta Türkmenistanyň çäginde türkmeniň gujurly, aýy penje alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilendigine güwä geçýär. 2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen Şähryslam ýadygärliginde geçirilen arheologiýa we etnografiýa ylmy gözlegleriniň netijesinde, ol ýerden bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan alabaýyň aýak yzlary ýüze çykaryldy. Ylmy subutnamalar şol zamanlar kerwen ýolunyň ugry bilen argyşa gatnan kerwenlere türkmen alabaýlarynyň goragçy bolandygyny tassyklaýar. Arheologik ylmy gözlegleriň dowamynda 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş barlaglarynyň netijesinde, toýundan bişirilip ýasalan «tazyguýruk» nagyşly haşamlanan şakäsäniň bölegi ýüze çykaryldy.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar