Ykdysady ösüşiň möhüm ugry

24 Aprel 2021
1989

Döwletimiziň ykdysady ösüş konsepsiýasy bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini goldamaga, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hem-de salgyt syýasatyny ýönekeýleşdirmäge, ýagny salgyt ýeňilliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin-de, salgytlar ykdysadyýete täsir etmegiň çeýe usuly bolup, olar ýurduň ykdysadyýetini sazlamakda esasy we güýçli gurallaryň biri hökmünde çykyş edýär.

Ýurduň ykdysady ýagdaýyna we bu ugurda alnyp barylýan syýasata laýyk gelýän salgyt düzgünleriniň işlenip düzülmegi salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Salgyt ulgamy hemişe raýatlaryň bähbitlerini araýar. Salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi bolsa salgyt syýasatynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi döwletimiziň häzirki zaman dünýäsinde hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça işleri sanlylaşdyrmagyň hukuk hem-de kadalaşdyryş binýady döredildi. Maglumatlary we elektron resminamalary alyşmak işleri häzirki talaplar hem-de ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar nazarda tutulyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu esasda ýerli salgyt bölümlerinde we degişli düzümlerde hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Parahat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň salgyt ulgamyny düşündiriş we kämilleşdiriş bölüminiň baş salgyt inspektory.
Beýleki habarlar