Beýik işlere saldamly goşant

21 Aprel 2021
1746

Berkarar Diýarymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklar üçin gurluşyk serişdeleriniň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi işleriň bökdençsizligini üpjün edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem bu asylly işe mynasyp goşant goşýan kuwwatly kärhanalaryň biridir.

Eziz Arkadagymyzyň ministrligiň edara-kärhanalarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky tagallalarynyň netijesinde müdirlige soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalarynyň köpsanlysy gelip gowuşdy. D.I.Mendeleýewiň periodik jedwelindäki elementleriň aglabasyna baý bolan Köýtendag sebitlerinde iş alyp barýan kärhananyň ähli babatda üpjünçiligi gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik derejede öndürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ruslan KARAKULOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar