Energetika ulgamy döwrebap kämilleşýär

15 Aprel 2021
1427

Belent sepgitleri nazarlap öňe barýan şu ýylymyzyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşmagy milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmeklige uly üns berýändigini tassyklaýar.

Häzirki zaman şertlerinde energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanunçylygymyzy kämilleşdirmek we bu ugurdaky hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, aýratyn hem suw, energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak arkaly milli we halkara bähbitlerine laýyk gelýän durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar