«Be­dew mü­nen has­sa bol­sa, sag olur»

15 Aprel 2021
3643

Adamlar atly gezelenç etmegiň diňe bir wagtyňy gowy geçirmegiň däl, eýsem bedeni köp keselden bejermegiň hem-de daşky keşbiňi gözelleşdirmegiň serişdesidigi bilen lukmançylygyň atasy saýylýan Gippokratyň döwründe habarly bolupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri ahalteke bedewini toý güni şatlygyny, gamly güni gussasyny paýlaşýan hemsyrdaşy saýýan türkmen halkymyz, oňa aýratyn uly hormat bilen garapdyr. Türkmeniň gündelik durmuşynda hem-de ruhy dünýäsinde giň orun alan bedewiň jana şypa beriji, köňül joşduryjy täsirini nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi özüniň «Üsti bedewiň» atly goşgusynda çeper beýan edipdir:

Bedew münen hassa bolsa, sag olur
Çeşmi hyra olar, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Gunça gülüstandyr üsti bedewiň.

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar