Güller - gözelligiň ganaty (liriki oýlanma)

15 Aprel 2021
3074

Ýürekleri heýjana salýan türkmen ýaýlasyna begres donuny egnine atynyp, bahar geldi. Onda-da türkmen topragyny bezeýän, dürli reňkler bilen öwşün atýan türkmen baharyny diýsene! Meýdanda açylan gülälekleriň ýaşyl baldajyklaryndaky säher çygynyň damjalary birgeňsi bolup, ýüregiňi gobsundyrýar. Gülleriň atyr ysynyň tolkunlary eýýäm kebeleklere, bal arylara, dürli mör-möjeklere ýetişen ýaly. Olar wazzyldaşyp, gülden-güle gonýarlar. Bu owazlar tebigatyň ajaýyplygy bilen sazlaşyp, özboluşly durmuş mukamyny emele getirýär.

Güller... Owadan dünýäniň bezegi, gözelligiň ganaty güller. Güller öz tebigaty boýunça owadan, näzik. Iň gowy zatlara «gül ýaly» diýip, göwünler hoşlanýar. Gyzjagaz dünýä inende, näziklige, güle ýanap, Aýgül, Bägül, Çemen, Gülälek, Gülzada, Gülşat ýaly atlary dakýarlar. Gül ýaňaklaryň, gül ýüzüň, gül ýaly çagajyk, gül ýaly maşgala, gül ýaly gyz, gül ýaly gelin, gül ýaly durmuş... garaz, aňyrsyna ýetip bolmaýan gül bilen bagly deňeşdirmeler hem halkymyza adat bolup galypdyr.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar