Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. Bu babatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar.