Mälim bolşy ýaly, 31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly maslahat geçirildi. Zehinli şahyr hem-de görnükli serkerde Baýram hana bagyşlanan çykyşlar birnäçe bölümçede dowam etdi.
Çykyşlarda, esasan, Baýram hanyň edebi mirasynyň we milli terbiýäniň kökleri, orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklardaky orny barada gürrüň edildi.