Türkmen milletiniň asyrlaryň çuňluklaryna baryp ýetýän baý hem buýsançly taryhy kökleri bar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň kämilligi beýik akyldarlaryň, danyşmentleriň, şol sanda merdana serkerde we şahyr Muhammet Baýram hanyň edebi mirasynda hem anyk keşbe eýe bolýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram hanyň we onuň ogly Abdyrahym han-hananyň ömrüni hem-de döredijiligini, gymmatly pikirlerini düýpli öwrenmek ählimiz üçin gymmatly gollanmadyr.
Gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan Baýram hanyň ata-babalary hem meşhur adamlar bolupdyr. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň gullugynda bolup, uly hyzmatlary bitiripdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni-dä. Ýazarlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursadyny aýratyn belleýärler.